Sepleriň elýeterliligi

Russiýa Nemtsowyň ölümini hatyralaýar


Nemtsowyň öldürilen ýeri özboluşly zyýarat ýerine öwrüldi. Adamlar bu ýerä gül desselerini getirip goýýarlar.

Nemtsowyň öldürilen ýeri özboluşly zyýarat ýerine öwrüldi. Adamlar bu ýerä gül desselerini getirip goýýarlar.

Russiýada Kremliň ýiti tankytçysy bolan Boris Nemtsowyň öldürilmeginiň ýyl dönümine gabatlap, Moskwada ýöriş geçirilýär.

Russiýanyň ozalky premýer-ministri bolan Nemtsow geçen ýylyň 27-nji fewralynda Kremliň golaýyndaky köprüleriň birinde atylyp öldürildi.

Moskwanyň resmileri köprüde ýöriş geçirmek üçin rugsat bermeseler-de, şäheriň beýleki ugurlary bilen ýöriş etmäge ygtyýar berdiler.

Nemtsowyň öldürilen ýeri özboluşly zyýarat ýerine öwrüldi. Adamlar bu ýerä gül desselerini getirip goýýarlar.

ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi 27-nji fewralda ir bilen köprä gelip, gül desselerini goýup, soňy bilen hem “men Boris Nemtsowyň käbir arzuwlarynyň Russiýada durmuşa geçjekdigine umyt edýärin” diýdi.

Russiýanyň döwlet dumasy 26-njy fewralda Boris Nemtsowyň hatyrasy üçin bir minut dymyşlygy geçirmek teklibini ret etdi.

Nemtsowy öldürmekde güman edilýänleriň biri Kreml tarapyndan goldanylýan Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň ofiseri bolandygy aýdylýar.

Emma Nemtsowy öldürmek buýrugy kimiň berendigi entek nämälim bolmagyna galýar. Nemtsowyň maşgala agzalary we beýleki aktiwistler rus häkimiýetlerini talaba laýyk derňew geçirmeýänlikde aýyplaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG