Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda saýlawlardan soňky sesler sanalýar


Eýranlylar ses berýärler. 26-njy fewral, 2016 ý.
Eýranlylar ses berýärler. 26-njy fewral, 2016 ý.

Eýranda ýurduň Parlamentine we Ekspertler assambleýasyna geçirilen saýlawlardan soň, häzir sesleri sanamak işleri geçirilýär.

Şu ýylyň başynda dünýäniň iri döwletleri bilen Tähranyň arasynda Eýranyň ýadro programmasy babatynda ylalaşyk gazanylandan soň, bu - ýurtdaky geçirilýän ilkinji saýlawlardyr.

26-njy fewralda saýlaw uçastoklarynyň işi jemi bäş sapar, umumy hasap bilen alty sagada uzaldyldy. Muňa ses berijileriň uly sany sebäp boldy.

27-nji fewralda ýurduň Içeri işler ministrligi ses bermäge hukugy bolan eýranlylaryň 60%-i, ýagny 35 million çemesi raýatyň saýlaw uçastoklaryna gelendigini mälim etdi.

Kandidatlar 290 orunlyk Parlamente we 88 orunlyk Ekspertler Assambleýasyna girmek üçin dalaş etdiler.

Ýeri gelende bellesek, Ekspertler Assambleýasy ýurduň baş ruhany liderini bellemek we wezipesinden aýyrmak hukugyna eýedir. 8 ýyllyk möhlet bilen saýlanýan Ekspertler Assambleýasy 76 ýaşly Aýatolla Ali Hameneýiden soňky ýokary ruhany lideri bellemegi hem ähtimaldyr.

XS
SM
MD
LG