Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dereksiz ýiten rus magdançylarynyň ölendigi aýdylýar


Magdan käni. Illýustrasiýa suraty.
Magdan käni. Illýustrasiýa suraty.

Russiýanyň Sewernaýa magdan käninde dörän partlamada dereksiz ýiten 26 magdançynyň ählisi heläk boldy. Bu barada ýurduň Adatadan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi habar berdi.

25-nji fewralda bolan partlamanyň netijesinde ölen magdançylaryň sany 36-a ýetdi.

Ministrligiň eden bu beýanatyndan birnäçe sagat öň, Workutsk şäheriniň golaýyndaky magdan käninde dörän ikinji partlamada alty sany halas ediji hem heläk boldy.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministr Wladimir Puçkow ýokary temperatura we kislorodyň ýetmezçiligi sebäpli halas ediş işleriniň togtadylandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlarda “hiç kimiň halas bolup bilmejekdigini” hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG