Sepleriň elýeterliligi

Ghani: Parahat ilaty öldürýänler bilen gepleşikler bolmaz


Owgan prezidenti Aşraf Ghani

Owgan prezidenti Aşraf Ghani

Owganystanda azyndan 28 adamyň ölümine getiren janyndan geçenleriň hüjüminden soň, Kabul bilen “Talyban” hereketiniň arasyndaky ýaraşyk gepleşikleriniň mümkinçiligi sorag astyna düşdi.

Owgan prezidenti Aşraf Ghani öz hökümetiniň parahat adamlary öldürýän hiç bir topar bilen gepleşikleri geçirmejekdigini, şeýle-de söweşijilere garşy alnyp barylýan harby operasiýalaryň güýçlendiriljekdigini aýtdy.

Ghaniniň bu beýanatyndan öň ýurduň Kunar welaýatynda janyndan geçeniň hüjümi netijesinde azyndan 13 adam öldi.

Bu hüjümden birnäçe sagat soň Kabulda Goranmak ministrligiň binasynyň öňünde partlama boldy. Wakada azyndan 15 adam öldi.

Owganystanyň, Pakistanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň resmileri martyň ilkinji hepdesinde “Talyban” bilen ýaraşyk gepleşiklerini geçirmek ugrunda tagalla edip gelýärdiler.

Birnäçe toparlara bölünen “Talyban” hereketiniň bu gepleşiklere gatnaşyp-gatnaşmazlygy nämälimligine galýar.

XS
SM
MD
LG