Sepleriň elýeterliligi

Yrak güýçleri we YD Abu Gharibde çaknyşdy


Yrakly esgerler

Yrakly esgerler

Yragyň howpsuzlyk güýçleri “Yslam döwleti” toparynyň Bagdadyň etegindäki Abu Gharib şäherine eden hüjümini yzyna tesdirendiklerini aýdýarlar.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, ýekşenbe güni ir bilen janyndan geçenler üç ulagda howpsuzlyk güýçleriniň baragynyň golaýynda özlerini partladypdyrlar. Munuň yzy bilen söweşijiler hüjüme geçipdirler.

Resmiler çaknyşyklarda hökümet güýçleriniň hataryndan dört adamynyň öldürilendigini we 22-niň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Yrakly harby komandir “ýagdaýlaryň gözegçilige alnandygyny” habar berdi.

XS
SM
MD
LG