Sepleriň elýeterliligi

Kirkuk-Jeýhan geçirijisi abatlanýar


Kirkuk-Jeýhan geçirijisi

Kirkuk-Jeýhan geçirijisi

Türkiýe Yragyň Kürdistan awtonomiýasyndan çyg nebiti daşaýan geçirijiniň abatlaýyş işlerine başlady.

Türkiýäniň Energetika ministrligi howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli nebitiň 17-nji fewraldan bäri akdyrylmandygyny mälim etdi.

Şeýle-de ministrlik 25-nji fewralda Kürdistan Işçiler partiýasynyň (PKK) söweşijileriniň geçirijä hüjüm edendiklerini aýtdy. Kürdistanyň regional hökümeti bu hüjümi PKK-nyň amala aşyrandygyny tassyklap bilmändigini aýtdy.

Gürrüňi gidýän geçiriji Yragyň Kirkuk sebitindäki dawaly nebit ýataklaryndan günde 600 müň barrel nebiti, eksport üçin, Jeýhan portuna akdyrýar.

XS
SM
MD
LG