Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Reformistler saýlawlarda üstünlik gazanýarlar


Ses bermäge hukugy bolan eýranlylaryň 60%-niň, ýagny 35 million çemesi raýatyň saýlaw uçastoklaryna gelendigini mälim edildi.

Ses bermäge hukugy bolan eýranlylaryň 60%-niň, ýagny 35 million çemesi raýatyň saýlaw uçastoklaryna gelendigini mälim edildi.

Eýranda geçirilen saýlawlardaky sesleriň 90%-niň sanalmagy netijesinde prezident Hassan Rohaniniň reformaçy ýaranlarynyň ýurduň 290 orunlyk Paralmentine Tährandan dalaş eden ähli 30 kandidatynyň hem ýeňendigi yglan edildi.

Ses sanalyşyk reformaçylaryň Ekspertler Assambleýasyna geçirilen saýlawlarda hem öz bäsdeşleri – aşa dinçilerden üstün çykandyklaryny görkezdi.

Şu ýylyň başynda dünýäniň iri döwletleri bilen Tähranyň arasynda Eýranyň ýadro programmasy babatynda ylalaşyk gazanylandan soň, bu - ýurtdaky geçirilýän ilkinji saýlawlardyr.

Deslapky netijeler yglan edilenden soň, prezident Hassan Rohani öz hökümetiniň saýlawlarda saýlanan islendik tarap bilen işleşjekdigini aýdyp, beýanat ýaýratdy.

“Bäsdeşlik tamamlandy. Eýranyň öz içindäki kuwwadyna we halkara arenasyndaky mümkinçiliklere görä ýurduň ykdysadyýetinde täze sahypany açmagyň wagty geldi” diýip, Rohani beýanatynda nygtady.

26-njy fewralda geçirilen saýlawlardan iki gün hem soň sesleriň sanalmagy dowam etdi.

Ýurduň Içeri işler ministrligi ses bermäge hukugy bolan eýranlylaryň 60%-niň, ýagny 35 million çemesi raýatyň saýlaw uçastoklaryna gelendigini mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, Ekspertler Assambleýasy ýurduň baş ruhany liderini bellemek we wezipesinden aýyrmak hukugyna eýedir. 8 ýyllyk möhlet bilen saýlanýan Ekspertler Assambleýasy 76 ýaşly Aýatolla Ali Hameneýiden soňky ýokary ruhany lideri bellemegi hem ähtimaldyr.

XS
SM
MD
LG