Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Gaçgak işleýänleriň jerimesi azaldylýar


Stambul

Stambul

Mälim bolşy ýaly, türkmenistanly zähmet migrantlarynyň agdyklyk edýän ýurtlarynyň başyny Türkiýe çekýär. Türkiýede işleýän türkmenistanly zähmet migrantlarynyň aglaba köpçüliginiň hem wizasyz, ýagny bikanun gaçgak ýagdaýda işleýändigi aýdylýar.

Türkiýe bikanun ýagdaýdaky daşary ýurtlylaryň öz ýagdaýyny kanunylaşdyrmagy üçin dürli ýeňillikler bilen bir hatarda migrasiýa kanunyny hem berkitmäge dowam edýär.

Türkiýedäki hukuk geňeşdarlygy berýän çeşmelerden Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna täze bir maglumat gelip gowuşdy. Täze maglumatda, daşary ýurtlylar baradaky kanuna girizilen üýtgeşiklige görä, 2016-njy ýylyň 2-nji martyndan başlap Türkiýede wizasyz, ýagny bikanun gaçgak ýagdaýda bäş ýyldan köp wagtlap galanlaryň jerimesi 5 ýyl galan ýaly hasaplanyp 100 amerikan dollaryna golaý möçbere çenli azaldylýar.

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sany hut şu tema bagyşlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG