Sepleriň elýeterliligi

Bergini aýat-doga bilen üzlüşmäge rugsat berildi


Illýustrasiýa suraty.

Illýustrasiýa suraty.

Nižni Nowgorod ýeparhiýasynyň bir firma 300 müň rubl bergisi bar. Ýöne dini dolanşygyň bu bergisini tölemäge gurby çatmaýar. Kazyýet bolsa, pul bergisiniň doga bilen üzlüşmegine rugsat beripdir.

Şeýlelik-de Nižni Nowgorodly işewürler Rusiýanyň kazyýet taryhynda täze bir açyş edipdirler.

Nižni Nowgorodyň ýeprhiýasy golaýda şäheriň merkezinde täze alan buthana jaýyny oňarmagy bir hususy firma tabşyrypdyr. Firma bilen 91600 rubl ýagny 11540 dollar möçberinde şertnama gol çekilipdir. "Era" MMC atly firma tabşyrylan işi berjaý edenem bolsa, buthana oňaryş işiniň pulunyň diňe ýarysyny töläp bilipdir. Ondan soň firma buthananyň bergisi barada kazyýete arza ýazypdyr. Ýöne iş kazyýetde seredilmäge başlanmanka çözülipdir.

Firmanyň hojaýyny "Komsomolskaýa Prawda" gazetine beren beýannamasynda, firmanyň ýeparhiýa bilen işleşen döwründe tölegler barasynda şu wagta çenli hiç hili problema duş gelmändigini ýatladypdyr.

Şol sebäpdenem meseläni egilşikli ýagdaýda çözmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagy saýlap alypdyr. Ondan soň taraplar kazyýet işe seretmäge başlamanka bir ylalaşyga gelipdirler.

Ylalaşyga görä, galan berginiň 200 müň rublyny buthana nagt pul bilen, jerimeler we salgytlar bilen bilelikde ondan galan 320 müň rubly ýagny 4032 dollary bolsa "aýat-dogalar" bilen tölär.

XS
SM
MD
LG