Sepleriň elýeterliligi

Eýranly iki sany aktiwist, özleriniň jemgyýetçilikden nägileligini bildirmek we jemgyýetiň ünsüni bu tema çekmek maksady bilen, Tähranyň köçelerinde zibil ýygnamagy protestiň bir görnüşi hökmünde saýlap aldylar. Olaryň saýlap alan bu protest usuly ýurtda kanuna garşy däl.

Režimiň owalky goldawçysy žurnalist Mohammad Nurizad 26-njy ýanwarda özüniň "Facebook" sosial ulgamyndaky sahypasynda protest maksady bilen "Zibil ýygnamak bikanun iş hasaplanmaýar. Ýogsa-da, hasaplanýarmyka?" diýip ýazýar.

Zibilleriň köçelerden çöplenmeginden ybarat ilkinji protest şu aýyň iki sany adamynyň gatnaşmagynda geçirilipdir. Protest mahalynda haýsam bolsa bir oňaýsyz ýagdaý bolmandyr. Ýöne haçan-da Tähran uniwersitetiniň owalky rektory Mohammad Maleki bilen Mohammad Nurizad 5-nji fewralda edil şeýle usulda ikinji protesti geçirmek üçin ikilenç şäheriň köçelerine çykanlarynda, olara howpsuzlyk işgärleri garaşyp duran ekeni. Howpsuzlyk işgärleri Maleki bilen Nurizady paýtagtyň çetine çykaryp, bir ýoluň gyrasynda taşlap gaýdypdyrlar.

"Geliň, zibilleri çöpläliň!"

Ýöne bu ýagdaý olaryň protest hökmünde gumuň ortasyndan geçýän uly ýoluň ugrundaky zibilleri çöplemegine päsgelçilik döretmändir. Olar soň geçiren bu özboluşly protestlerine degişli alan suratlaryny sosial ulgamda ýaýratdylar.

82 ýaşyndaky Mohammad Malekiniň uly ýoluň gyrasynda eli haltaly zibilleri çöpläp ýörkä düşen bir suratynda onuň öz eşigine ýazan şeýle şygary göze ilýär: "Geliň, zibilleri çöpläliň!". Şonuň ýaly-da bu suratda onuň arkasynda Eýran yslam respublikasyny döreden Aýatolla Homeýniniň sürgünden Tährana dolanyp gelen mahaly düşen suraty göze ilýär.

Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna interwýu beren Mohammad Maleki, özüniň Mohammad Nurizad bilen başladan şeýle tagallasyny dowam etdirjekdigini aýdýar. Ol telefon arkaly beren beýanatynda bu barada şeýle diýýär: “Biz öz protestimizi goýbolsun etmeris. Biz jemgyýetiň bu meselä ünsüni çekmek üçin şeýle protestleri dowam ederis”.

Köpçüligiň ünsüni çekmek

Galyberse-de, olar soňky aýlarda Eýran yslam respublikasynda adam hukuklarynyň bozulmagy we adam hukuklaryny goraýanlaryň tussag edilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlara köpçüligiň ünsüni çekmek üçin dürli çäreleri durmuşa geçiripdirler. Olaryň ikisi hem Eýrany dolandyrýan ýokary gatlagy aç-açan tankyt edendikleri sebäpli owal azatlykdan mahrum edilipdirler we bu sebäpli oturyp çykypdyrlar.

Olaryň bellemegine görä, Eýranyň kanunyna garşy däldigi üçin, indi olar protest maksady bilen köçelerden zir-zibilleri çöplemeli edipdirler. Ýurdy dolandyrýan ýokary gatlaga garşy edilen tankyt, nägilelik üçin köpçülikleýin çäre geçirmäge synanyşmak ýa-da oppozision pikir alşygy üçin üýşmek ýurtda dürli aýyplamalara sebäp bolup bilýär. Şeýle ýagdaýlaryň Eýranyň milli howpsuzlygyna garşy diýlip kabul edilýän halatlaram bolýar.

Mohammad Nurizadyň aýtmagyna görä, olar ýanwar aýynyň ahyrynda şeýle protest gurnajakdyklaryny owaldan mälim edipdirler. Olar şonda özleri barada kazyýetiň karary bolmazdan we sebäpsiz ýere çykarylan "hiç ýere gitmezlik gadagançylygy" bilen bir hatarda “Yslam rewolýusiýasyny goraýjy gullugyň” olaryň käbir şahsy zatlaryny konfiskasiýa etmek barasynda çykaran kararynyň garşysyna protest bildiripdirler.

Mohammad Nurizad - režimiň owalky tarapdarlaryndan. Ýöne "Facebook" sosial ulgamyndaky sahypasynda käbir jemgyýetçilik ýagdaýlaryna garşy protest bildirmek maksady bilen öz käbir suratlaryny çap edensoň, aktiwiste öwrülipdir.

Maleki we ýene birnäçe erkek adam, şeýle-de bir aýal adam şu ýylyň 2-nji fewralynda geçirilen ilkinji protestiň çäklerinde paýtagtyň köçelerinde eli haltaly zir-zibil çöplediler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG