Sepleriň elýeterliligi

“Facebook” täze funksiýasyny mälim etdi


Karikatura.

Karikatura.

“Facebook” kompaniýasynyň uzak wagtdan bäri synagdan geçirýän “Reactions” emosiýalaryndan indi sosial ulgamyň ulanyjylarynyň ählisi peýdalanyp biler. Mundan beýläk ulanyjylaryň statusyna we paýlaşýan maglumatlaryna “like” (halaýan) düwmesine basmak bilen bir hatarda, dürli görnüşdäki reaksiýalary hem bildirip bolýar.

“Facebook” sosial ulagmynyň käbir ulanyjylary negatiw, ýagny oňaýsyz mazmunly maglumatlara “like” düwmesini basaslary gelmeýärdi.

Mundan beýläk ulanyjylar “like” düwmesi bilen bir hatarda, dürli emosiýalardan (söýgi, ýylgyryş, geň galma, gam-gussa, gahar-gazap) peýdalanyp bilerler.

“Facebook” kompaniýasy bu täze funksiýalar taýýarlanan mahaly, sosiologlardan maslahat alnandygyny mälim edýär.

XS
SM
MD
LG