Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Reformaçylar täsirini artdyrýarlar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani parlamente we Ekspertler assambleýasyna geçirilen ses berişlikde, Tähran, 26-njy fewral, 2016
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani parlamente we Ekspertler assambleýasyna geçirilen ses berişlikde, Tähran, 26-njy fewral, 2016

Eýranda 26-njy fewralda bolan ses berişligiň gutarnykly netijeleri Hassan Rohaniniň we onuň reformaçy ýaranlarynyň ýurduň täsirli Ekspertler assambleýasyna gözegçiligiň aglabasyna eýe bolandygyny görkezdi. 88 agzadan ybarat assambleýanyň öňünde Eýranyň indiki baş ruhanysyny saýlamak wezipesi goýulýar.

Rohani we ýurduň öňki aram prezidenti Akbar Haşemi Rafsanjani özleriniň 50 golaý tarapdarlary bilen bilelikde assambleýada orunlaryň 59%-ne eýe boldular.
Assambleýanyň häzirki ýolbaşçysy Aýatolla Mohammad Ýazdi we onuň berk syýasatyň tarapdary ýarany Aýatolla Taghi Mesbah Ýazdi edara saýlanmadylar.

Eýranyň ýustisiýa boýunça ýolbaşçysy Aýatolla Sadegh Amoli Larijani reformaçylary ýazgaryp, olary “amerikan we iňlis mediasy bilen işleşip” aşa berk syýasatyň tarapdarlarynyň assambleýa saýlanmagyna päsgel bermekde aýyplady.

Şeýle-de reformaçylar ýurduň 290 orunlyk parlamentinde dawaly 30 orna eýe boldular. Orunlaryň ýene 50 çemesine kimiň saýlanandygy anyk bolmansoň aprel ýa maý aýlarynda saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçiriljegi çak edilýär.

XS
SM
MD
LG