Sepleriň elýeterliligi

Waşingtonda öldürlen ýetginjekleriň asly gazagystanly


ABŞ-nyň polisiýasy ýoly gabaýar, Belfair, Waşington, 26-njy fewral, 2016

ABŞ-nyň polisiýasy ýoly gabaýar, Belfair, Waşington, 26-njy fewral, 2016

Gazagystanyň adam hukuklary boýunça ýörite wekili geçen hepdede ABŞ-nyň Waşington Ştatynda öldürilen iki ýetginjegiň Gazagystandan ogullyk alnandygyny tassyklady.

Ombudsmeniň edarasynyň 29-njy fewralda aýtmagyna görä, 16 ýaşly Kuinn Karlson we 18 ýaşly Tory Karlson Gazagystanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň konsullyk hasabynda durmandyr.

Astananyň häkimiýetleri agzalan iki ýetginjegiň Gazagystanyň raýatlygyny saklap galandygyny ýa-da ABŞ-nyň raýatlygyna geçendigini anyklamaga çalyşýarlar.
Bu ýaşlar 25-nji fewralda 51 ýaşly Dawid Waýn Kampbellyň Belfair şäheriniň golaýyndaky öýünde öldürilen dört adamyň arasynda bolupdy.

Şeýle-de 49 ýaşly aýalyny we ýene bir adamy öldüren Kampbell 26-njy fewralda häkimiýetlere jaň edip, “erbet bir zat edendigini” aýtdy we öz janyna kast etdi.

XS
SM
MD
LG