Sepleriň elýeterliligi

Pakistan häkimi öldüren raýatyny jezalandyrdy


Ölüm jezasyna höküm edilen Mumtaz Kadri, Rawalpindi, 29-njy fewral, 2016

Ölüm jezasyna höküm edilen Mumtaz Kadri, Rawalpindi, 29-njy fewral, 2016

Pakistanyň hökümeti 2011-nji ýylda ýurduň dine dil ýetirmek baradaky kanunlaryny reformirlemäge çagyran welaýat häkimini öldürmekde aýyplanan adamy jezalandyrdy.

Mumtaz Kadri 29-njy fewralda Rawalpindi şäherinde asylyp öldürildi.

Yslamçylaryň ençemesi tarapyndan gahryman hasaplanýan Kadri Punjab welaýatynyň häkimi Salman Taseeriň öňki janpenasydy.

Kadri Taseeri Yslamabadyň bazarynda 28 gezek oka tutdy.

Kadriniň işine sereden sudýa birnäçe haýbatdan soň howpsuzlyk sebäpli ýurdy terk etmäge mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG