Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Çaganyň kellesini alyp çykan özbek aýal saklandy


Çagany öldürmekde aýyplanýan özbegistanly Gülşehra Bobokulowa, Moskwa, 29-njy fewral, 2016

Çagany öldürmekde aýyplanýan özbegistanly Gülşehra Bobokulowa, Moskwa, 29-njy fewral, 2016

Orsýetiň polisiýasy 29-njy fewralda Moskwanyň “Oktýabrskoýe pole” stansiýasynda çaganyň kesilen kellesini göterip barýan özbek zenanyny tussag etdi.

Gara geýimli başy yslam örtgüli zenanyň çaganyň kellesini galgadyp, “allahu akbar” diýendiginiň eşidilendigi aýdylýar.

Polisiýa özbek milletli zenanyň Gülçehra Bobokulowadygy anyklady. Onuň ruhy taýdan barlaga iberilendigi habar berildi.

Sosial mediada ýerleşdirilen wideoda zenan merkezi aziýalylaryň aksenti bilen orsça gepledi. Zenan özüniň janyndan geçen hüjümçidigini aýdyp, “Men terrorçy. Men ölerin, emma ähliňiz jeza alarsyňyz” diýdi.

Polisiýa zenanyň garamak üçin özüne ynanylan bäş ýaşly ors çagasynyň kellesini göterendigini tassyklady.

Çaganyň göwresi 29-njy fewralda onuň öz öýünde ýangyny söndürmek üçin baran ýangyn söndürijiler tarapyndan tapyldy.

XS
SM
MD
LG