Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Tussag žurnalistiň saglygy ýaramazlaşdy


Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň we Milli press klubunyň başlygy Seitkazy Mataew, Almaty

Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň we Milli press klubunyň başlygy Seitkazy Mataew, Almaty

Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň we Milli press klubunyň başlygy tussag astyna alynmagyndan bir hepde soň keselhana düşdi. Häkimiýetler pul ogurlamakda we salgytdan gaçmakda güman edilýändigini aýdypdy.

Almatyda ýerleşýän media azatlyklaryny goraýan “Adil Soz” atly guramanyň 29-njy fewralda aýtmagyna görä, Seitkazy Mataew aşa ýokary gan basyşly keselhana düşüpdir.

Mataew 22-nji fewralda tussag edildi. 24-nji fewralda Almatynyň sudy ony öý tussaglygyna höküm etdi.

Gazagystanyň korrupsiýa garşy agentligi Mataewiň puly bisarpa sowmakda we salgytdan gaçmakda aýyplanyp 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip biljekdigini aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Mataewe garşy işiň gozgalmagynyň onuň žurnalistler bileleşigine ýolbaşçylygy bilen baglydygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG