Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jylykölde türkmen gyzy öz janyna kast etdi


Öz janyna kast eden gyzy şekillendirýän surat.
Öz janyna kast eden gyzy şekillendirýän surat.

Bu soňky ýyllarda Täjigistanyň Jylyköl etrabynda ýaşlaryň arasynda bolan üçünji şeýle wakadyr.

Ol türkmen gyzy, hossarlarynyň aýtmagyna görä, geçen ýyl 11-nji klasy gutarmaly ekeni. Ýöne ol jorasynyň toýuna gatnaşmaga rugsat berilmändigi üçin, öz janyna kast edipdir.

Raýhon atly ol türkmen gyzynyň kakasy Çary Gurbanowyň gürrüň bermegine görä, 6-njy mekdepde okaýan gyzynyň ruhy saglygynda hiç wagt bir problema bolmandyr.

Gurbanow 27-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda, gyzyna jorasynyň toýuna gitmäge rugsat berilmänden soň, wakanyň göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçendigini aýdýar.

Onuň gürrüň bermegine görä, "gyzynyň jorasynyň ýaşaýan ýeri 2 kilometr uzakda ýerleşýän ekeni. Şonuň üçinem ene-atasy daş görüp, oňa toýa gitmäge razylyk bermändir. Gyzyň ene-atasy gijäniň bir wagty ýaş gyzyň ýekeje özüniň öýe dolanmagy gaty howply bolar diýip pikir edipdirler. Gyzyň öz janyna kast etmeginiň sebäbi onuň toýa goýberilmedigimi ýa-da başga bir zatmy anyk bilýän ýok. Gyzyň ene-atasy henizem bu hadysanyň sebäbine doly düşünip bilmeýärler".

Jylyköl etrabynyň prokuraturasy agzalan hadysa bilen bagly jenaýat işini gozgady we häzir derňew işi dowam edýär.

Jylyköl geňeşiniň arçyny Süleýman Barotowyň aýtmagyna görä, bu waka soňky bir ýylyň dowamynda türkmen ýaşlarynyň arasynda bolan üçünji şeýle waka. Ol bolan wakalaryň sebäpleriniň doly anyklanmagy üçin bu hadysadan öňki bolup geçen ýagdaýlary seljermek boýunça degişli derňew işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Resmi maglumata görä, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Jylyköl etrabynda 30 müňden gowrak etniki türkmen ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG