Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Çaganyň kesilen kellesini bulaýlan zenan tutuldy


Moskwada polisiýa bir dört ýaşly çaganyň kesilen kellesini bulaýlap görkezen bir aýaly tutdy. Häkimiýetler onuň çaga seretmek üçin hakyna tutulan enekedigini aýdýarlar.

Zenan men terrorist diýip gygyran pursaty wideo düşürilipdir. Derňewçiler ony bu gyzjagazy tutuş Moskwany sarsdyran bir aýylganç, ozal görlüp-eşidilmedik hadysada öldürenlikde aýyplaýarlar.

Polisiýa 29-njy fewralda bu aýaly kesilen kelläni haltasyndan çykaranyndan sanlyja salym soň Moskwanyň “Oktýabrskoýe pole” metro stansiýasynda tutdy.

Internetde ýerleşdirilen gorkunç sahnada gara egiň-eşikli, başy yslamçylaryňka çalymdaş bürenjekli aýal görünýär. Mediada berlen habarlarda şaýatlara salgylanylyp, onuň gygyryp, "Allahu ekber" diýendigi aýdylýar.

“Men terrorist...”

Ors mediasynda aýdylmagyna görä, bu aýalyň öňki sowet respublikasy Özbegistandan bolan 39 ýaşly eneke Gülçehredigi anyklanypdyr. Moskwa polisiýasy onuň barlag üçin psihiatriýa äkidilendigini aýtdy.

Internetde ýerleşdirilen sahnada Gülçehräniň orta aziýa aksentinde ors dilinde gyrgyrýany eşidilýär.

Ol: "Men terrorist. Men ölerin, ýöne siziň hemmäňiz jezalandyrylarsyňyz" diýýär.

Polisiýa Gülçehre Bobokulowanyň dört ýaşly ors çagajygynyň kellesini göterip gezendigini tassyklady.

Ors mediasyndaky habarlarda çaga Nastýa M diýip salgylanylýar.

“Demokratiýany ýigrenýä​rin”

Çaganyň kellesi kesilen göwresi irden onuň öýlerinde çykan ýangyny söndürmäge baran ýangyn söndürijiler tarapyndan tapyldy.

Federal derňew komitetiniň ýerli bölümi eneke çaganyň eje-kakasy we ondan ulurak erkek dogany öýden çykanyndan soň gyzjagazy öldürip, öýi otlapdyr diýip güman edýär.

Orsýetiň "Komsomolskaya Pravda" gazetiniň ýazmagyna görä, Bobokulowa: "Men demokratiýany ýigrenýärin" diýip, gygyrypdyr.

Şaýatlaryň biri gazete aýaly ilki görenlerinde onuň elindäki gurjagyň kellesidir diýip pikir edendiklerini aýtdy. Şaýat şeýle hem Bobokulowanyň "olar meniň çagamy öldürdiler, men siziň hemmäňizi partladaryn" diýip gygyrandygyny aýdýar.

Polisiýa metro stansiýasyny ätiýaç üçin ýapdy, ýöne aýalyň ýanyndan partlaýjy madda çykmady. Polisiýa häzir bu ýagdaýa terrorizm diýip baha berenok.

“18 aýbäri işleýär”

Howpsuzlyk gulluklaryna ýakyndygy mälim habar gullugy "LifeNews" polisiýa dokumentlerini barlamak üçin aýala ýakynlaşanda ol kesilen kelläni haltasyndan çykaryp, özüniň bir çagany öldürendigini aýdyp, çirkin gygyrandygyny habar berdi.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi bu barada entek beýanat berenok.

Mediada berlen habarda ölen çaganyň eje-kakasy we onuň 15 ýaşly erkek doganyndan ybarat maşgala günbatar Orsýet regiony Orýoldan. Olar Moskwada bir kwartirany kireýine alypdyrlar.

Habarlarda aýdylyşyna görä, gyzyň ejesi toý esbaplaryny satýan bir dükanda işleýär. Ol gyzynyň başyna näme gelenini eşideninden soň gyssagly keselhana gidipdir. Gyzyň kakasy mobil telefon kompaniýasynda işleýär.

Olar enekäniň 18 aý bäri özlerine işleýändigini aýtdylar.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionyndan bolan yslamçy militantlar geçen 20 ýyllykda Orsýetde ençeme ölümli bomba hüjümlerini amala aşyrdylar. Ýöne bular ýaly hadysanyň bolandygy habar berlenok.

Häzirki waka "Yslam döwleti" atly toparyň ýa beýleki ekstremistleriň Orsýetde bomba hüjümlerini amala aşyrmagy mümkin diýip gorky edilýän wagtda bolýar.

"Yslam döwleti" toparynyň ýüze çykmagy orslar bilen ýurda iş gözlap Orta Aziýa we Kawkazdan gelýän adamlaryň arasynda ozaldan bar bolan dartgynlylygyň güýçlenmegine getirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG