Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahar buşlukçysy


Kitap we gül.
Kitap we gül.

Halyl Kulyýew türkmen poeziýasynda ýazyň gülüdi. Ol biziň edebiýatymyzy gysga wagtlyk bezäpdi. Ýöne şol bezeg köpleriň kalbyna ornady.

Şahyr tebigaty

Aslynda onuň tebigaty ýazyň mysalydy. Halyly biziň ilimiziň gysga baharyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.

Ol at ýüzli, kakçekge, hor, kirpi saçly bir çepiksi adamdy. Onuň ýüzünden kalby görnüp durýardy.

Belli derejede ýapon ýazyjysy Akutagawa çalymdaşdy. Ruhy dünýäsi hem takdyry babatda rus şahyry Sergeý Ýesenini ýatladýardy. Ýöne ol Halyl bolup ýaşady hem Halyl bolup döretdi.

“60-njy ýyllaryň maýyllygy” diýilýän döwrüň ilkinji ýaş gülleriniň biri boldy.

Şahyr durmuşy, gözelligi jany-teni bilen söýdi.

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,

Pyntyklady pisse bilen badamlar.

Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň

Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.

Halyl ýiti duýguly suratkeşdi, türkmen tebigatynyň nakgaşydy. Ol öz poeziýasynda bu gurak topragyň gözel hem näzik taraplaryny görmegi başardy.

Öpdüm begres geýen ene topragy,

Ah, ýaşaýyş, gör, sen neneň ajaýyp!

Ol ýene şeýle diýýär.

Güneşiň astynda, Aý yşygynda,

Gijeler, gündizler akar suw akýar.

Daň säheriň düzüm-düzüm çyglary,

Merjen dek duldurap atanda öwşün.

Dumanly daglaryň garly depesi,

Gözýetimde asman bilen öpüşýär.

Dogduk mekan

Şahyr Aşgabada gelip, Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlanda, şol ýerde işe galdyrylýar. Ýaşlara edebiýat teoriýasyndan sapak berýär, alymlyk derejesini alýar. Şeýle-de bolsa, ol dogduk obasyny hiç wagt unutmady. Onuň mekany, Amyderýanyň öwrüminde oturan Şyharyk obasy şahyr üçin ruhy hem gözellik ylhamynyň çeşmesi boldy. Ýöne 70-nji ýyllarda Şyharyk obasynyň golaýyndan ilki suw howdanyny döretdiler, soňra derýany bentläp, gidro elektrik stansiýasyny gurdular.

Şahyr ol ýerde alnyp barylýan oýlanyşyksyz işlere, tebigata ýowuz daraşylmagyna parhsyz seredip bilmedi.

Eý, mähriban obam, bu niçik ahwal,

Bir ýanyňda turýar ala-şakyrdy.

Bu maşynlar munda haçan kök urdy,

Gije-gündiz gazyp ýeriň ugruny,

Kimler üýtgetdikä onuň ugruny.

Halyl Kulynyň bu şahyrana sözüni resmiler diňlemedi.

Şahyr ömrüniň soňky böleginde şol toprak hem onuň gözel tebigaty barada “Ertekiniň dowamy” atly liriki powest döretdi.

Dostlar

Ony dostlary aşa gowy görýärdiler, ruhy taýdan goldamaga çalyşýardylar. Käte Halylda ruhy çökgünlik peýda bolup, poeziýadan eli sowaýardy. Şol pursatda onuň ýakyn ýoldaşlary agyr alada galdylar.

Gurbannazar Ezizowyň Halyla bagyşlan “Jedeller” atly goşgusy metbugatda peýda bolupdy.

Şahyr şahyra ýüzlendi.

Hany geçen günleň gyzgyn jedeli,

Geçen günleň gyzgyn hyjuwy hany?

Neçün beýle boldy – aýan edeli,

Eýýämden öçäýmek ir dälmi, Halyl?

Bizi şahyr eden jedeller dälmi,

Halyl, bizi şahyr eden jedeller!

Gurbannazar galamdaş dostunyň täzeden dil açmagyny, poeziýanyň gyzgyn jedellerine goşulmagyny höwes edýärdi.

Muňa jogap hökmünde, Halylda şeýle setirler peýda boldy.

Öli bolup gitmez ýaly öleňde,

Diri bolup ýaşamaly dünýäde.

Ýalňyzlyk

Nähili-de bolsa, şahyr özüni ýalňyz duýdy. Aram-aram ruhy çökgünlige düşdi. Şonda öz ýüregini ýaşlyk söýgüsi bilen ýylatmak isledi.

Ýalňyz bolsaň, ýetişerin ýanyňa

Seni ýeke goýman – diýen sözüň bar.

Ýatlamalaň dumanyndan çyk-da gel,

Alyslardan alyslarda galan ýar.

Söýgiň bilen derýa bolup joş-da gel,

Öňkiň ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel,

Gaýalardan gaýalara aş-da gel,

Goja daglaň aňyrsynda galan ýar.

Ol öz ömri hem ýaşlyk söýgüsi barada şeýle diýdi.

Eý, ýaşlyk, her neneň söýsem-de seni,

Uzak ýaşap, goja bolmak höwesim.

Nähilem bolsa ol garrylyga ýetmedi. 1978-nji ýylyň 8-nji martynda, 42 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Şondan bäri her ýyl baharyň başynda Halyl ýada düşýär. Üstümizdäki ýylda Halyl Kulyýewiň dünýä inenine 80 ýyl dolýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG