Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Ses berijiler dalaşgär saýlaýarlar


Demokratik partiýasyndan dalaşgär Bernie Sanders

Demokratik partiýasyndan dalaşgär Bernie Sanders

ABŞ-nyň 13 ştatynda ses berijiler 1-nji martda saýlaw nokatlaryna baryp, 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna demokratlardan we respublikanlardan gatnaşjak dalaşgärleri saýlamak boýunça “Super ýekşenbe” diýlip atlandyrylýan möhüm çärä gatnaşarlar.

Demokratlar 11 ştatda Hillary Klintonyň we senator Bernie Sandersyň arasynda saýlaýarlar.

Saýlawlar we partiýalaryň gurultaýlary öz partiýalarynyň dalaşgärleri bolmak ugurnda göreşýän kandidatlaryň üçden bir bölegini seçip saýlarlar. Ses berişlikler Alabama, Arkansas, Kolorado, Georgia, Massaçusetts, Minnesota, Oklahoma, Tennessee, Tehas, Wermont we Wirginia ştatlarynda geçiriler.

Respublikanlar bu ştatlarda, şeýle-de Alaskada we Wyomingde bäş dalaşgäriň arasynda saýlarlar.

Köpçülikleýin pikir öwrenmeler respublikan Donald Trumpyň Tehasdan başga ähli ştatlarda öňe saýlanýandygyny görkezdi. Senator Marko Rubio Trumpyň esasy bäsdeşi hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG