Sepleriň elýeterliligi

Pentagon XXI asyryň göze görünmeýän uçaryny tanatdy


B-21

B-21

ABŞ-nyň Harby howa güýçleri özüniň futuristik B-21 kysymly uzak aralyga uçýan bombalaýjy uçarynyň taslamasyny köpçüligiň dykgatyna hödürledi.

Söweş uçary "Northrop Grumman" atly firma tarapyndan öndüriler.

ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň geňeşçisi Deborah Lee James anna güni Orlandoda geçirilen simpoziumda eden beýannamasynda B-21 kysymly söweş uçarynyň Amerikadan dünýäniň islendik nokadyna zarba urmaga mümkinçilik berjekdigini mälim etdi.

Berlen maglumata görä, häzire çenli hiç bir ýurtda şeýle söweş uçarynyň hiç hili prototipi ýok.

Uzak menzilli bombalaýjy söweş uçary (LRS-B) hökmünde häsiýetlendirilýän B-21 kysymly uçar ABŞ-nyň Harby howa goşunlarynyň XXI-nji asyrdaky ilkinji bombalaýjy uçary bolar.

Harby howa güýçleriniň geňeşçisi James B-21 kysymly uçaryň häzirki B-2 kysymly söweş uçaryna meňzeýändigini hem tassyklaýar. B-2 kysymly söweş uçary hem ýene şol "Northrop Grumman" atly firma tarapyndan ýasalandyr.

B-21 kysymly söweş uçarynyň programmasynda golaýda hünärmenlik we önümçilik tapgyryna geçilýär. ABŞ-nyň Harby howa goşunlary ol söweş uçaryny 2020-nji ýylyň ortasynda ulanyşa girizmegi göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG