Sepleriň elýeterliligi

Orsýet kömür känindäki partlama 'tebigy' diýdi


Halas edijiler, Sewernaýa käni, Workuta, 25-nji fewral, 2016

Halas edijiler, Sewernaýa käni, Workuta, 25-nji fewral, 2016

Orsýetiň häkimiýetleri geçen dynç günlerinde Arktik käninde bolan ýerasty partlamanyň tebigy sebäplerden dörändigini 29-njy fewralda aýtdylar. Partlamada 36 adam wepat boldy.

25-nji fewralda Arktika aýlawyndan demirgazykda ýerleşýän Sewernaýa kömür käninde dörän we ýokary metan derejesi sebäpli güýçlenen partlamada dört adam wepat boldy.

Magdançylary halas etmäge synanyşan alty adam 28-nji fewralda dörän ýene bir partlamada wepat boldy. Bu partlama zerarly ýeriň astynda galan 26 adamyň hem heläk bolandygy hasaplanýar.

Orsýetiň Derňew komiteti dag magdançylyk senagatynda 2010-njy ýyldan bäri dörän iň pajygaly waka boýunça derňew işini gozgady.

XS
SM
MD
LG