Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýa 'balkan ýoluny' ýapyp biler


Makedoniýanyň prezidenti Gýorge Iwanow ýurduň Gresiýa bilen serhedine syýahat etdi, 9-njy fewral, 2016
Makedoniýanyň prezidenti Gýorge Iwanow ýurduň Gresiýa bilen serhedine syýahat etdi, 9-njy fewral, 2016

Makedoniýanyň prezidenti Gýorge Iwanow german gazetine beren interwýusynda migrantlar üçin “balkan ýoluny” şu ýyl ýapyp biljekdigini aýtdy.

“Der Spiegel” gazetiniň 29-njy fewralda çap eden interwýusynda Iwanow Awstriýa migrantlaryň sanyny 37500 adama ýetirip, kesgitlän çägine ýetensoň, Makedoniýanyň Gresiýa bilen serhedini ýapyp, ýüzlerçe müň migrantyň Ýewropa aşmak üçin ulanýan Balkan ýoluny ýapjakdygyny mälim etdi.

“Bize häzir syýasy karar gerek. Tiz wagtda bu gaty giç bolar. Awstriýanyň 37500 müň adamlyk çägi tiz wagtda dolar”, diýip Iwanow aýtdy.

Bu söhbetdeşlik Makedoniýanyň Gresiýa bilen serhedinden geçmäge synanyşan ýüzlerçe migranta garşy gözi ýaşardýan gazy we sesli ýaraglary ulanan güni çap edildi.

XS
SM
MD
LG