Sepleriň elýeterliligi

BMG: Ýewropa migrant krizisiniň çäginde dur


Migrantlar we bosgunlar serhet gözegçiliginden geçmek üçin nobatyna garaşýarlar, Makedoniýanyň Serbiýa bilen serhedi, Miratowaç, 29-njy ýanwar, 2016

Migrantlar we bosgunlar serhet gözegçiliginden geçmek üçin nobatyna garaşýarlar, Makedoniýanyň Serbiýa bilen serhedi, Miratowaç, 29-njy ýanwar, 2016

BMG-niň Bosgunlar agentligi (UNHCR) Gresiýada 24 müň bosguny jemlän ýewropa ýurtlaryny ýazgardy we hökümetleriň migrant krizisini çözmek ugrunda bilelikde işleşmeýändigini we serhetlerde täze çäklendirmeleriň girizilmeginiň kanunlara ters gelýändigini aýtdy.

BMG-niň Bosgunlar agentliginiň metbugat-wekili Adrian Edwards häzirki wagtda Ýewropanyň “özleriniň güýçlendiren gumanitar krizisiniň çäginde durandygyny” 1-nji martda duýdurdy.

Edwardsyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, 2016-njy ýylyň iki aýynyň dowamynda 131724 migrant Ortaýer deňzinden aşypdyr.

Şeýle-de BMG-niň Bosgunlar agentligi Gresiýada jemlenen köp sanly migrantyň azyk, suw we jaý ýetmezçiliginden ejir çekmeginiň dartgynlylyk döredip, “zorlugy tutaşdyryp” biljekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG