Sepleriň elýeterliligi

Yrak : YD toparyna hüjüm edilýär


Yrakly şaýylaryň ýarym harby söweşiji toparlarynyň ulag kerweni, Samarra

Yrakly şaýylaryň ýarym harby söweşiji toparlarynyň ulag kerweni, Samarra

Yragyň hökümet güýçleri 1-nji martda şaýylaryň ýarym harby söweşiji toparlarynyň hem ABŞ-nyň howa ýardamynyň goldawyna daýanyp, Bagdatdan demirgazykdaky giňişlikleri “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň elinden almak boýunça hüjüme geçdiler.

Söweşler Bagdatdan 90 kilometr uzaklykda Samarra şäherinden demirgazyk-gündogarda oba ýerinde alnyp barylýar.

Yragyň harby resmileri operasiýalaryň maksadynyň YD toparynyň üpjünçilik ýollaryny böwetlemekden we 2014-nji ýyldan bäri “Yslam döwleti” toparynyň elindäki Mosul şäherini azat etmekden ybaratdygyny aýdýarlar.

Yragyň harbylarynyň ABŞ-nyň goldawynda Mosul şäherini öz eline almak boýunça hüjümleriniň ýylyň dowamynda amala aşyrylmagyna garaşylypdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Bagdatdan günbatarda “Yslam döwleti” toparynyň janyndan geçen dört hüjümçisi brigadir general Ali Aboudini we ýene dört adamy öldürdiler.

XS
SM
MD
LG