Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabatda polisiýa serhoşlary tutýar


Türkmenabat şäherindäki polisiýa işgärleri.

Türkmenabat şäherindäki polisiýa işgärleri.

Şu günler Türkmenabadyň köçelerinde gijelerine aýlanyp ýören polisiýanyň patrul, ýagny gözegçilik gullugynyň maşynlary köpeldi. Bu maşynlary gören türkmenabatlylar derrew başga ýola sowulmak bilen, ýa bolmasa öýlerine girip gutulmagyň aladasyny edýärler.

Aýlanyp ýören “UAZ – 69”, ýa bolmasa “UAZ PATRIOT” maşynlary türkmenabatlylaryň ählisi tanaýan bolsa gerek, oňa il arasynda “katalaşka” diýip at berýärler. Olar esasanam gije aýlanyp ýören serhoş ýa-da ýeňil serhoşlykda bolan adamlary saklap, gönümel polisiýa bölümüne alyp gidýärler.

“Men sähel içgilidim. Men öýe ýetip gelýärkäm, öňümde maşyn durup, meni alyp gitdi. Getiribem birgiden serhoş adamlaryň arasyna saldylar. Bu ýere gelenleriň aglabasy birinji gezek gelenlerden däldi. Häli-şindi gelýänlerden ekeni, jaň edeýin şahsyýetimi anyklaýan dokumendimi getirsinler diýsemem, meni diňlemediler. Soň ýagdaýymyň erbet däldigini bilip, menden 50 manat aldylar-da, ugratdylar. Gije kän taksi tapdyrmansoň, ep-esli ýöräp gitmeli boldym. Indi men içgili adam, şäherden ýöräp barýaryn, maňa jerime salmak üçin sakladylarmy? Men düşünemok?” – diýip, türkmenabatly 25 ýaşyndaky Kämil aýdýar.

“Meni öz howlymyzda alyp gitdiler”

Beýleki bir türkmenabatly ýigit Timur hem edil şeýle ýagdaýy başdan geçirenlerden. Onuň aýtmagyna görä, polisiýanyň işgärleri diňe serhoşlary däl, eýse köçä öý eşiginde, ýakynrakda ýerleşýän dükana çykanlary hem saklaýar”.

“Men öýde oturyp birazajyk dost-ýarlarym bilen içdim. Daşary çykyp çilim alyp geleýin diýsem, meni öz howlymyzda saklap, alyp gitdiler. Şu ýerde ýaşaýandygymy aýtsamam, diňlemediler. Bile baryp habar bereýin, öýdäkiler birahat bolmasynlar diýsemem, sözümi diňledip bilmedim. Alyp gitdiler, jerime salyp, ertir irden göýberdiler” diýip, Timur Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Saklanan adamlary ýygnaýan ýerleri hem, adatça, şäheriň ”2-nji otdel” diýlip tanalýan öňki Atamyrat etrap polisiýa bölümine eltýärler. Bu ýere getirilen adamlar şahsyýeti anyklanylýança, ýa bolmasa serhoşlukdan özüne gelýänçä saklanylýar. Il arasynda bu ýere “obezýannik” diýilýär. ”Obezýannikdäki” şertler bolsa gyşyna sowuk, tomsuna yssy. Onuň her hili ýakymsyz yslar burnuňa urup duran bir ýerdigini aýdýarlar.

“Doganymy gözläp...”

Bu çäräniň başlamagyna nämäniň sebäp bolandygy we göz öňünde tutulýan maksadyň nämedigi hakda hiç hili maglumat ýok, şeýle-de çäräniň başlanjakdygy hakda hem öňünden halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmedi.

Emma bu ýagdaý diňe tutulan adamlary däl, olaryň yzyndaky hossarlaryny hem alada goýýar. Sebäbi tutulan adamyň nirededigini anyklap bolmaýar, olara-da, tutulansoň, maşgalasy bilen habarlaşmaga rugsat edilmeýär.

“Meniň doganymy alyp gidipdirler, häzir gelerin diýip çykan adam wagty bilen gelmänsoň, biynjalyk bolup başladyk. Daşary çyksak goňşular “katalaşka” alyp gitdi diýdiler. Gözlemedik ýerim galmady, narkologiýa bardyk belki analiz tabşyrdýan bolaýmasynlar diýip, ýok ekeni, ikinji otdela bardyk ýok ekeni, soň şäheriň “otdelinde-de” ýok ekeni. O ýerden çykyp, ikinji “otdele” geldik. Garaz, doganymy gözläp, ol “otdelden-ol otdele” aýlanýançam 40 manat çykdajy etmeli boldum. Bu meniň bir ýarym günlük gazanjym” diýip, özüni Weronika diýip tanadan türkmenabatly zenan gürrüň berýär.

“Garaşylmadyk ýagdaý boldumy?”

Emma soňky iki-üç günüň içinde hatda asla içgili bolmadyk adamlaryň hem tutulanlary bolupdyr. Olaryň arasynda ýaňyrak amnistiýa bilen tussaglykdan öýüne boşap gelenlerem bar.

“Oglum ýaňyrak türmeden amnistiýa bilen boşady, polisiýanyň ýerli wekili uçastkowyý oňa gije çykma diýdi. Ýöne ýaş oglan söýgülisini ugratmana çykanda, saklap alyp gitdiler. Indi bolsa men ony alada edýärin. Niredeligini bilseň ýagşy welin, olam belli däl, onam aýdanoklar” diýip, özüni Nesibe diýip tanadan 50 ýaşlaryndaky türkmenabatly ene aýdýar.

Bu ýagdaýlar esasanam baýramçylyk we oňa golaý günlerde has ýygylaşýar. Polisiýa işgärleri bolsa bu çäräniň asudalygy saklamak üçin edilýändigini aýdýar. Polisiýa gullugynyň işgärlerinden biri, adynyň agzalmazlygy şerti bilen, Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde: “Asudalyk bilen bagly soňky döwürde haýsydyr bir garaşylmadyk ýagdaý boldumy?” diýen soraga jogap bermekden saklandy.

Emma şol bir wagtyň özünde polisiýanyň patrul gullugynyň alyp barýan bu işleri türkmenabatlylary uly alada goýýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG