Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ýurduň Milli howpsuzlyk ministrini çalyşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň 2-nji martda beren maglumatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň Milli Howpsuzlyk gullugyna täze ýolbaşçy belländigi habar berildi.

Maglumatda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Güýçgeldi Hojaberdiýewiň “saglyk ýagdaýlary sebäpli” wezipesinden çekilýändigi we onuň deregine Döwrangeldi Baýramowyň wezipä bellenilendigi mälim edildi. Baýramow mundan öň Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinde işleýärdi.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň ykdysadyýeti dünýä bazarynda nebitiň bahasynyň pese gaçmagyndan ejir çekýän mahaly, Berdimuhamedow öz hökümet ýolbaşçylarynyň arasynda wezipe çalşygyny amala aşyrýar.

Fewral aýynda ýurduň Prezident aparatynyň iş dolandyryjysy Pälwan Taganow wezipesinden boşadylypdy.

XS
SM
MD
LG