Sepleriň elýeterliligi

ABŞ halkara metallurgiýa frimasynyň başlygyny aýyplaýar


Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri halkara metallurgiýa kompaniýasynyň başlygyny Eýrana kosmos we ýadro işjeňliklerinde, şol sanda raketa öndürmekde ulanylýan potensial howply serişdäni eksport etmekde aýyplaýar.

1-nji martda Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti “Global metallurgiýa LLC” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Erdal Kuýumjunyň 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilmegini we 1 million amerikan dollary möçberinde pul jerimesini tölemegini sorady.

Gürrüňi edilýän serişde ýokary temperaturada enjamlaryň daşky gatlagynyň poslap, zeňlemeginiň öňüni almak üçin ulanylýar.

Birleşen Ştatlaryň kanunçylygyna laýyklykda, ABŞ-nyň Maliýe departamentinden rugsatnama almazdan şeýle serişdäni Eýrana eksport etmek gadagandyr.

XS
SM
MD
LG