Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO komandiri: Orsýet, Siriýa migrant krizisini ulanýar


General Filip Bredlow.
General Filip Bredlow.

NATO-nyň baş komandiri “gaýtadan dikelýän, agressiw” Orsýete garşy göreşmek üçin Günbataryň resurslary ýetmezçilik edýän mahaly, Orsýet we Siriýa bosgunlar krizisini Günbatara garşy “ýaraga” öwürdi diýip duýduryş berdi.

28 ýurduň agzalygyndaky harby birleşigiň ýolbaşçysy we Birleşen Ştatlaryň Howa güýçleriniň generaly Filip Bredlow (Philip Breedlove) çykyş edip, Siriýadan Ýewropa gelýän ýüz müňlerçe migrant akymy Ýewropada Balkanlardan we Skandinawiýa çenli täsir ýetirdi we bu hem Moskwanyň bähbidine boldy diýdi.

“Orsýet we [Siriýanyň prezidenti Başar al-Asadyň] režimi Ýewropanyň gurluşyny we gaýduwsyzlygyny ýumurmak üçin bilgeşleýin migrasiýany güýçlendirýär” diýip, Bredlow 1-nji martda Birleşen Ştatlaryň Senatynda eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de, Bredlow Moskwa we Damask siriýalylaryň köpçülikleýin başga ýere göçmegini bilgeşleýin möwjedýär diýdi.

XS
SM
MD
LG