Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ymamy atan özbege ömürlik tussaglyk berildi


Özbek ymamy Obidkhon Kori Nazarow.
Özbek ymamy Obidkhon Kori Nazarow.

Şwesiýanyň Sundswal şäherinde sud bir özbek raýatyny ymamy öldürmek synanşygy bilen baglylykda ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Mundan owal Ýuriý Žukowskä bu iş boýunça 18 ýyl kesilipdi.

Sud 37 ýaşly Žukowskini 2012-nji ýylda belli özbek ymamy Obidkhon Kori Nazarowyň janyna kast etmek synanşygynda günäli tapdy.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň häkimiýetine garşy çykýan Nazarowa azyndan üç ok atylandan soň, ol iki ýyllap huşsuz, komada ýatdy.

Nazarowyň ýakynlarynyň aýtmagyna görä, onuň beýnisine hem şikes ýetipdir.

Žukowskiý Nazarowyň işi bilen baglylykda sud edilmegi üçin, awgust aýynda Russiýadan Şwesiýa ekstradisiýa edilipdi.

Nazarow 1990-njy ýyllaryň başlarynda Merkezi Aziýadaky belli ymamlaryň biridi. 2006-njy ýylda oňa Şwesiýadan gaçybatalga berildi. Ol Özbegistany 1998-nji ýylda terk edipdi.

XS
SM
MD
LG