ABŞ-nyň Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherindäki konsulhanasynyň golaýynda amala aşyrylan partlamada, konsulhananyň pakistanly iki işgäri öldi. Bu barada ABŞ resmileri mälim etdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri partlamada pakistanly esgerleriň hem heläk bolandygyny aýtdy.
Hüjümiň jogapkärçiligini, “Pakistanyň Talyban” hereketinden bölünen “Jamatul Ahrar” topary öz üstüne aldy.