Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran “GCC-niň” kararyny tankyt etdi


Arap aýlagy giňişliginiň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) geçiren ýygnaklarynyň biri.
Arap aýlagy giňişliginiň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) geçiren ýygnaklarynyň biri.

Tähran Liwanyň “Hizballah” atly söweşiji toparyny terrorist gurama diýip atlandyrmak barada Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky arap döwletleriniň çykaran kararyny tankyt etdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Hossein Amir Abdollahian Eýran tarapyndan goldanylýan söweşiji topary terrorist gurama diýip atlandyrmak “täze bir ýalňyş” diýip, bu Ýakyn Gündogardaky parahatçylygyň gowşamagyna we Liwanda agzalalygyň döremegine getirer diýdi.

Abdollahian bu barada, Arap aýlagy giňişliginiň hyzmatdaşlyk geňeşi (GCC) “Hizballah” toparyny agzalýan giňişlikdäki ýurtlaryň çäginde duşmançylykly terroristik hereketleri amala aşyrmakda aýyplandan bir gün soň, ýagny 3-nji martda çykyş etdi.

Arap aýlagy giňişliginiň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary Abdullatif al-Zaýani “Hizballah” toparynyň terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmak üçin söweşijileri hakyna tutýandygyny, ýaraglary we partladyjy serişdeleriniň gaçakçylygyny edýändigini, bidüzgünçiligi we ýowuzlygy möwjedýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG