Sepleriň elýeterliligi

Nazar Hudaýberdi panydan geçdi


Nazar Hudaýberdiýew. Makalanyň awtorunyň arhiwinden alnan surat.

Nazar Hudaýberdiýew. Makalanyň awtorunyň arhiwinden alnan surat.

Azatlygyň baýry işgäri, ömrüniň 17 ýylyny bu radio bagyş eden Nazar Hudaýberdi 2-nji martda dünýäden ötdi. Ol 66 ýaşyň içindedi.

Terjimehaldan

Owaly bellemeli zat, Nazar Hudaýberdi meniň uniwersitet ýoldaşym boldy. Ol 1967-1972-nji ýyllarda, Türkmen döwlet uniwersitetinde okady.

1950-nji ýylyň 17-nji awgustynda, Halajyň Çohpetde obasynda dünýä indi. Entek uniwersiteti tamamlamanka, Türkmen radiosyna diktor bolup işe bardy.

Nazar Hudaýberdiýew we onuň kärdeşleri. Makalanyň awtorunyň arhiwinden alnan surat.

Nazar Hudaýberdiýew we onuň kärdeşleri. Makalanyň awtorunyň arhiwinden alnan surat.

Şo ýyllar Rozynazar aşa söýlüp diňlenýän “Bahar” programmasyny alyp barýardy. “Oňa şeýle çeper gürlemegi hem sesini kadaly alyp barmagy meşhur artist Juma Ýazmyrat öwredýärmiş” diýip gürrüň edýärdiler. Soňra resmi habarlary hem täzelikleri okap başlady.

Özara gürrüňçilikde, belli diktor Geldi Döwletowy aşa sylaýandygyny aýdýardy hem esasy halypasynyň Geldi aga bolup durýandygyny nygtaýardy.

Sesi örän güýçli hem ýakymly bolansoň, Nazar Hudaýberdi tanymal diktor bolar diýen tamamyz bardy. Ýöne ol Aşgabatda uzak oturyp bilmedi. Diktorlaryň aýlygy azdy hem kireýine jaý tutup ýaşamalydy.

Duz-nesibe

Nazar Hudaýberdi 1972-nji ýylda Kerki şäherine göçüp gaýtdy. Bu ýerde pedagogiki uçilişä mugallym bolup, işe ýerleşdi.

On ýyl çemesi Kerkiniň pedagogiki uçilişesinde türkmen dili we edebiýaty sapagyndan ýaşlara bilim berdi. Biz Nazary Lebap welaýatynyň çeper höwesjeňleriniň çykyşlarynda, alyp baryjy hökmünde görýärdik.

Howa şertlerine, aýratynam yssa çydamsyzlyk olary Moskwa göçmäge mejbur etdi. Nazar SSSR Bilim ministrliginde işle ýerleşdi. 1989-njy ýylda, entek SSSR dargamanka, ýöne hususy işlere ýol açylan badyna, biznes işlerine geçdi.

Ol 1995-nji ýylyň iýunyndan, Praga şäherine gelip, Azatlyk radiosynda gepleşikleri alyp baryjy boldy.

Şeýlelikde, Aşgabatda başlanan diktorlyk hünärini Pragada dowam etdirdi.

Akaba dolanmak

Öň kämil mekdep geçensoň, ol bu işe tiz girişdi, gepleşikleri has janly hem täsirli alyp bardy.

Aýratyn-da, radionyň dil medeniýetini artdyrmaga köp jan çekdi. Öz kärdeşlerine diliň takyk hem düşnükli bolmalydygyny, mikrofona gygyrmaly däldigini öwredýärdi. Saldamly gürleseň, sesiň ynamly hem owazly bolýandygyny düşündirmäge çalyşýardy. Nazar aýtmasy kyn seslerden gaça durmagy, onuň ornuna başgaçarak söz ulanmagy maslahat berýärdi.

Şeýlelikde, gepleşikleriň esasy hem agramly bölegi Nazaryň üstüne düşdi. Onuň Hudaý tarapyn berlen gowy sesi hem professional endigi Azatlyk üçin ýetdirgisiz mümkinçilik döretdi.

Hyzmaty

Şol döwürlerde Nazar Hudaýberdiniň aladasy bilen köpçülige ýetirilen gepleşiklerden biri “Bir türkmen – bir ykbal” boldy. Biziň ýakyn taryhymyzdaky milli gahrymanlar, belli-belli şahslar barada söhbet açýan bu gepleşik many taýdanam, çeperçilik jähitdenem örän şowly çykdy. Onda Türkmenistanyň öz içinde hem dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan ildeşlerimiz, olaryň il-gün üçin çeken hyzmaty hem ömür ýoly barada gürrüň gitdi.

Onuň aýratyn bir hyzmaty hökmünde “Parahat” programmasyny ýatlamak bolar. Şeýle tapgyrlaýyn hem bir maksada gönükdirilen gepleşikler diňleýjiniň sanyny artdyrdy. Olarda: «Ýekşenbe güni hökman “Bir türkmen” bolar. Çarşenbede “Tegelek stol” efire gider» şekilli pikirler döredi.

Ol şeýle uly hyzmata öz kärdeş ýoldaşlary bilen bilelikde hötde geldi. Ýoldaşlary bilen arkalaşykly işleşmegi başardy. Olaryň her biriniň mümkinçiligini nazarda tutdy. Ýogsa her niçik ukyply bolaýanyňda-da, ol işler bir adamyň tagallasy bilen amala aşmajakdy.

Ol dürli ýerlerde işledi. Ýöne ömrüniň esasy işi radio bilen baglanyşykly boldy. Hut şu hyzmaty bilen köpüň söýgüsini gazandy. Asyryň ahyrynda hem täze asyryň başynda türkmenleriň arasyndaky iň meşhur adama öwrüldi.

Nakylda aýdylyşy ýaly, alkyş bilen är gögerýän bolsa, Nazar Hudaýberdiniň alan ýalkawy hem şol derejelere ýetendir.

Dostumyz, kärdeşimiz, Nazar, ýatan ýeriň ýagty bolsun!

Jaýyň Jennetden bolsun!

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG