Sepleriň elýeterliligi

AI: Gazagystan maglumatlary derňemekde şowsuz bolýar


“Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory John Dalhuisen.

“Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory John Dalhuisen.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän topar Gazagystanyň häkimiýetleri polisiýa we türme işgärleri tarapyndan tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi baradaky maglumatlary derňemekde şowsuz bolýar diýdi.

3-nji martda çap edilen raportda “Amnesty International” guramasy Gazagystanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlara tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi barada her ýyl ýüzlerçe maglumatyň gelip gowuşýandygyny aýdýar.

“Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory John Dalhuisen “gynamalaryň derňelmezligi we olary amala aşyrýanlaryň jogapkärçilige çekilmezligi pida bolanlaryň umytsyz galmagyna sebäp bolýar” diýýär.

XS
SM
MD
LG