Sepleriň elýeterliligi

Yslamabat: 'Talyban' liderleri Pakistanda ýaşaýar


Pakistanyň hökümetiniň daşary işler boýunça baş maslahatçysy Sartaj Aziz.

Pakistanyň hökümetiniň daşary işler boýunça baş maslahatçysy Sartaj Aziz.

Pakistanyň ýokary derejeli resmisi Owganystanyň “Talyban” hereketiniň liderleriniň Pakistanda ýaşaýandygyny ilkinji gezek köpçülikde boýun aldy.

Pakistanyň hökümetiniň daşary işler boýunça baş maslahatçysy Sartaj Aziz Waşingtonda çykyş edip, Yslamabadyň “Talybana” ähmiýetli derejede täsir ýetirip bilýändigini, sebäbi onuň “ýolbaşçylarynyň Pakistanda ýerleşýändigini we olara käbir saglyk kömekleriniň berilendigini” aýtdy.

Aziz: “Olaryň maşgalalary şu ýerde [Pakistanda] ýaşaýar. Biz şu zatlary ulanyp, olaryň “bir stoluň başyna jemlenmegi, [gepleşiklere gatnaşmagy]” üçin basyş edip bileris. Ýöne biz owgan hökümetiniň adyna gepleşikleri geçirip bilmeris. Sebäbi biz olara owgan hökümetiniň teklip edip biljek zadyny hödürläp bilmeris” diýdi.

Yslamabat Owganystanyň “Talyban” hereketiniň liderleriniň öz territoriýalarynda ýaşaýandygy baradaky maglumatlary ençeme ýyldan bäri ret edip gelýärdi.

XS
SM
MD
LG