Sepleriň elýeterliligi

Ukrain pilotynyň sud diňlenişigi başlandy


Ukrain piloty Nadia Sawçenko.

Ukrain piloty Nadia Sawçenko.

Ukrain piloty Nadia Sawçenkonyň aklawçylar 3-nji martda geçirilýän sud diňlenişiginde soňky delilleri getirip çykyş edýärler. Sawçenko gündogar Ukrainada orsýetli iki žurnalistiň öldürilmegi bilen baglanyşykly sud edilýär.

Orsýetiň sudunda Sawçenkonyň hem soňky sözüni aýtmagyna we sud diňlenişiginiň ahyrynda hökümiň çykarylmagyna garaşylýar.

2-nji martda Orsýetiň prokurorlary Sawçenkonyň 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini talap etdiler.

Sawçenko 2004-nji ýylda tussag edilen mahaly, gündogar Ukrainada Orsýete tarapdar separatistlere garşy göreşýän meýletinçiler batalonynda söweşýärdi.

XS
SM
MD
LG