Sepleriň elýeterliligi

Kreml Obamanyň kararyna ‘gynanç’ bildirdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Kreml Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Orsýete garşy girizen sanksiýalarynyň möhletini ýene bir ýyla çenli uzaltmak baradaky kararyna “gynanç” bildirdi. Bu sanksiýalar Moskwanyň Krymy bikanun anneksiýa etmegine we gündogar Ukrainadaky Orsýete tarapdar separatistlere berýän goldawyna gaýtawul hökmünde girizilipdi.

Obama bu baradaky kararyny 2-nji martda mälim etdi. Ol Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri “Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatyna we milli howpsuzlygyna adaty bolmadyk we adatdan daşary howp bolmaga dowam edýär” diýdi.

Gürrüňi edilýän sanksiýalar ilkibada 2014-nji ýylyň mart aýynda güýje girizilipdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy girizen sanksiýalarynyň möhletini 2016-njy ýylyň iýul aýyna çenli uzaldypdy.

XS
SM
MD
LG