Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek eneke: Bu işi etmegi ‘Alla buýurdy’


Özbek eneke: Bu işi etmegi ‘Alla buýurdy’
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:36 0:00

Özbek eneke: Bu işi etmegi ‘Alla buýurdy’

Idegi özüne ynanylan dört ýaşlyja gyzjagazy öldürenlikde aýyplanýan we çaganyň kesilen kellesini Moskwanyň bir köçesinde bulaýlap gezen özbegistanly eneke bu işi etmegi özüne "Allanyň buýrandygyny" aýtdy.

38 ýaşly Gülçehre Bobokulowa muny 2-nji martda ilkinji gezek sud zalyna getirilende bir žurnalistiň soragyna jogap berende aýtdy.

Bobokulowa 29-njy fewralda Moskwanyň bir metro stansiýasynyň girelgesiniň ýanynda tutuldy. Wideoýazgylarda gara egin-eşikli, hyjaply enekäniň "men terrorist" diýip gygyryp, bir çaganyň kesilen kellesini ýokary galdyryp durany görünýär. Derňewçileriň aýtmagyna görä, ol özüne garamaty ynanylan çagany öldürip, onuň kellesini kesipdir. Ondan soň hem maşgalanyň kwartirasyny otlap, gaçyp gidipdir.

Dartgynlylygy artdyrmazlyk

Bobokulowa žurnalistlere öz günäsini boýun alýandygyny aýtdy. Moskwanyň etrap sudy onuň iki aýlap türmede saklanmagy barada karar çykardy. Oňa üstümizdäki hepdede adam öldürenlikde günä bildirilmegine garaşylýar.

"Associated Press" habar gullugynyň bildirmegine görä, prokurorlar suda özleriniň Bobokulowany bu jenaýata iteren adamlaryň häzir erkinlikde gezip ýörendigine ynanýandyklaryny aýdypdyrlar.

Orsýetiň döwlet habar gullugy "RIA" hukuk goraýjy edaralaryň ady agzalmadyk bir çeşmesine salgylanyp, adamsyndan aýrylan Bobokulowanyň üç çaganyň enesidigini, onuň bir täjik bilen bile ýaşandygyny, bu täjigiň ony "yslamyň ekstremistik düşünjelerine" tabyn edendigini habar berdi. Bu habaryň anygyna ýetmek mümkinçiligi ýok.

Döwlet eýeçiligindäki we Kremliň täsiri astyndaky esasy telekanallarda çaganyň aýylganç ölümi, ony öldürenlikde güman edilýäniň hereketleri barada maglumat bermekden saklanyldy. Köp adamlaryň pikiriçe, bu milletçilikli bulagaýlyklary ýa-da orslar bilen orta aziýaly we kawkazly musulmanlaryň arasyndaky dartgynlylygy artdyrmazlyk üçin edilen iş.

Ýüz töweregi adam ýygnandy

Muňa garamazdan, bu jenaýat öňki Sowet Soýuzynyň Orta Aziýa respubliklaryndan bolan migrantlara köpräk kontrollyk barada milletçiler we beýlekiler tarapyndan edilýän çagyryşlaryň köpelmegine getirdi.

Sudda düşürilen wideoýazgyda Bobokulowa imisala görünýär, ýuwaşlyk bilen ýylgyrýar. Habarlarda aýdylyşyna görä, ol sud kapasasynyň içinde žurnalistlere el galgadyp: "Men Allanyň çapary. Salam, hemmelere" diýipdir.

Asly Özbegistandan bolan Bobakulowany tanaýandyklaryny aýdýan adamlar beren interwýularynda onuň psihiki taýdan durnuksyz diýip tanalýandygyny, geçmişde şizofreniýa keseli üçin bejergi alandygyny aýdýarlar.

Bobokulowanyň tutulan ýeri bolan “Oktýabrskoýe pole” metro stansiýasynyň daşynda 1-nji martda agşamara gurnalan "memoriala" ýüz töweregi moskwaly ýygnanyp, gurjak we gül goýdular. Suratlarda bu ýerde milletçilikli ýazgylaryň hem galdyrylandygyny görmek bolýar. Olaryň birinde "çydamlylyk öldürýär" diýilýär.

Özbek eneke.
Özbek eneke.

Prezident Wladimir Putiniň hökümetini milletçilikli zorluklar aladalandyrýar. Orslaryň beýleki etnik toparlaryň wekilleri tarapyndan öldürilmegi ozal hem milletçileriň arasynda bulagaýlyk döretmän duranokdy.

1-nji martda Putiniň sözçüsi bu hadysa telewideniýeden bererden "aşa aýylganç" diýdi. Ýöne Kremliň tankytçylary habary bermezlik üçin telekanallara buýruk berlendigini çaklaýarlar.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionyndan bolan yslamçy militantlar geçen 20 ýyllykda Orsýetde heläkçilikli ençeme bomba hüjümlerini amala aşyrdylar. Ýöne henize deňeç bu jenaýat ýaly hadysanyň bolandygy habar berilmändi.

Häzirki waka "Yslam döwleti" atly toparyň ýa beýleki ekstremistleriň Orsýetde bomba hüjümlerini amala aşyrmagy mümkin diýlip gorky edilýän wagtynda bolup geçdi.

"Yslam döwleti" toparynyň ýüze çykmagy orslar bilen iş gözläp Orta Aziýadan we Kawkazdan Orsýete gelýän adamlaryň arasynda ozaldan bar bolan dartgynlylygyň has-da güýçlenmegine getirdi.

XS
SM
MD
LG