Sepleriň elýeterliligi

Lebap: Gök bazaryň etegindäki söwda ýatyryldy


Türkmenabadyň A.Puşkin köçesiniň ugrunda ýerleşýän köpriniň aşagyndaky söwdagärler şu günler satuwdaky önümlerini ýygnamak bilen başagaý. Olaryň bu günki başagaýlygy söwda bilen bagly däl-de, köpden bäri oturan söwda ýerinden göçürilmegi bilen bagly.

Ýerli häkimligiň buýrugy bilen birinji martdan başlap açyk bazarda edilýän bu söwda-satyk doly ýatyryldy.

“Düýn bize häkimligiň işgärleri gelip, bu ýerden zatlaryňyzy aýryň diýdiler we düýnden bäri her kim tapan-tupan zadyny ýygnamak bilen başagaý. Häzirki wagtda söwda durdy, her kimem çykaran zatlaryny täzeden maşyna ýükleýär” diýip, Farapdan gelip, bu taýda gök söwdasyny edýän 33 ýaşlaryndaky Parahat gürrüň berýär.

Parahadyň aýtmagyna görä häkimligiň işgärleri birinji martda öýlän sagat üçden soň gelip başlapdyrlar we olar halka bu çäräniň näme üçin geçirilýändigi barada hiç hili takyk maglumat berenoklar.

Göçhä-göçlük ýowar bilen ‘bagly’

Emma dükan eýeleriniň arasynda ýaýran myş-myşlardan çen tutulsa, bu göçhä-göçlük bazaryň töwereklerinde geçirilmäge taýýarlanylýan uly ýowar bilen bagly. Mälim bolşuna görä, prezident Berdimuhamedowyň buýrugy bilen häzirki döwürde tutuş ýurtda ýowar geçirilýär.

Ýowardan soň, şol bazaryň gaýtadan işe başlamagyna rugsat edilip-edilmejegi hem belli däl.

Uly bazaryň gyrasynda ýerleşýän bu açyk söwda nokadyndaky dükan eýeleriniň aglabasy gök söwdasyny edýän adamlar. Gök satýan söwdagärleriň aýtmagyna görä, agzalýan diňe bir köpriniň aşagy –lomaý gök söwdasyny edýänlerden takmynan otuz töweregi adamynyň gazanç edýän ýeri.

Lomaý gök söwdasy bilen meşgullanýan adamlaryň söwda nokatlarynyň göçürilmegi baradaky tabşyrykdan soňra, agzalýan ýerde maşynlaryň uly dyknyşygy emele geldi. Adamlaryň aglabasy söwda nokadynyň ýykylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, öz satýan gök önümlerini bu taýdan alyp çykmagyň aladasynda.

Bazaryň harytlary

“Menem häzir maşynymy çykaryp bilmän otyryn, öňümde beýleki maşynlar bolansoň, men bir azajyk garaşmaly bolaryn. Şolar çykarsalar, menem öz maşynymy çykarjak” diýip, 35 ýaşlaryndaky söwdagär ýigit Nurýagdy bu ýerdäki ýagdaýdan söz açýar.

Nurýagdynyň aýtmagyna görä, aldym-berdimli ýagdaý emele gelensoň, söwdagärler üçin kireýine maşyn tapmagam kynlaşypdyr, tapdyran halatynda hem maşynlaryň kireýi adatdakysyndan has ýokary bolup, häzir kiçeňräk maşynlaram her gatnawyna 20-25 manat soraýarlar.

Bu ýeriniň söwdagärleriniň esasy satýan harytlary kartoşka, sogan we dürli sitrus miwelerinden ybarat. Söwdagärler bu taýda satýan harytlaryny uzak obalardan getirýärler. Tomus aýlary bolsa goşmaça pomidor, hyýar ýaly beýleki gök önümler hem satuwa çykarylýar.

Daýhanlar

Bu bazar diňe adaty adamlary däl, Türkmenabadyň käbir beýleki ýerlerinde gök söwdasy bilen meşgullanýan söwdagärleri hem haryt bilen üpjün edýärdi. Özüni Gülsere diýip tanadan söwdagär aýal hem olardan biri. Türkmenabatly 40 ýaşlaryndaky söwdagär bu ýerden lomaý gökçüleriň göçürilmeginiň özi we özi ýaly beýleki söwdagärleriň durmuşyna erbet täsir etjekdigini aýdýar.

“Men günlük aljagymy, arabaçy tutup, şu ýerden getirdýärin. Özüm uly bazaryň içinde oturýaryn, belli alýan ýerim bar we belli arabaçylarym bar, kartoşkam ýa soganym gutaryberse, jaň edip getirdýärin. Bular başga ýere göçürilse, men näme etmeli?” diýip Gülsere Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Bu bazaryň ýapylmagy daýhanlara hem erbet täsirini ýetirjek. Sebäbi olaryň öz mellek ýerlerinde ýetişdiren önümleriniň agramly bölegi-de şu bazaryň üsti bilen satuwa çykarylýardy.

Bazaryň ýapylmagy gaty çalt bolup geçdi. Indi dükan eýelerini, alyjylary we satyjylary ýakyndan gyzyklandyrýan zat - bu bazaryň geljekki ykbaly, ýagny bu bazaryň gaýtadan açylyp-açylmajagy. Ýöne bu barada ýerli häkimiýetler häzirlikçe halk köpçüligine hiç hili maglumat bermeýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG