Sepleriň elýeterliligi

‘Balkanyň ençeme obasyna telefon liniýalary çekilmedik’


Mobil telefonly gyz.

Mobil telefonly gyz.

Balkan welaýatynyň ençeme obasynda aragatnaşyk ulgamynyň, şol sanda mobil we öý telefon liniýalarynyň çekilmändigi habar berilýär. Etrap merkezlerinden ençeme kilometr uzaklykda ýerleşýän bu obalara aragatnaşyk ulgamynyň çekilmändigi sebäpli, ýaşaýjylaryň käbir bökdençlikleri başdan geçirýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu obalaryň ýerleşýän ýeri we telefon liniýalarynyň ýoklugynyň ilata ýetirýän täsirleri barada, ýakynda Balkan welaýatyna sapar eden aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG