Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtda okajak zenanlara stipendiýe mümkinçilikleri


Daşary ýurtda okajak zenanlara stipendiýe
Daşary ýurtda okajak zenanlara stipendiýe

Ýaponiýanyň zenanlar bileleşigi

Bileleşigiň bu programmasy ýokary bilimli zenanlaryň ylmy işleri goramagyna niýetlenendir. Gurama bu ugurda ähli çykdaýjylary öz üstüne alýar.

Talap edilýän şertler: dalaşgär zenanlar magistratura ýa-da kandidatlyk derejesine eýe bolmalydyr. Olaryň iň bolmanda doktorlyk dissertasiýasyna başlanlar bolmagy hökmanydyr.

Dalaşgärler, gurama dokumentleri bilen ýüz tutmazdan owal Ýaponiýadaky bir uniwersitet bilen hökmany suratda şertnama baglaşmalydyr. Dokumentler bilen bilelikde ylmy işiň maksatnamasy hem hödürlenmelidir. Dalaşgäriň Ýaponiýada gazanjak ylmy derejesini we tejribesini öz ýurdunda nähili özleşdirjekdigini jikme-jik düşündirmegi hem hökmanylyk hasaplanýar.

Gurama dalaşgäri saýlap alandan soň onuň tälimi barasyndaky okuw, ýaşaýyş we ýol tölegleri ýaly ähli çykdaýjylary öz üstüne alýar.

Ýaponiýanyň zenanlar bileleşiginiň stipendiýasynyň möçberi 6 müňden 12 müň amerikan dollaryna çenli baryp ýetýändir. Grantyň möçberi, dalaşgäriň Ýaponiýada boljak möhletine we onuň işiniň aýratynlygyna bagly bolýandyr. Tölenjek puluň çärýek bölegi bolsa dalaşgär Ýaponiýa gelen badyna stipendiýe görnüşinde berilýändir. Gyzyklanýanlar jikme-jik maglumatlary şu internet sahypasyndan edinip bilerler.

XS
SM
MD
LG