Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe dört biznes liderini tussag etdi


4-nji martda Türkiýäniň polisiýasy Birleşen Ştatlarda ýaşaýan musulman ruhanysy bilen ilteşikli kompaniýanyň ýokary derejeli dört resmisini türk hökümetini agdarmaga synanyşmakda aýyplap tussag etdi. Bu barada Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki habar agentligi mälim etdi.

Maglumatda Kaýseri şäheriniň polisiýasy “Boýdak Holding” kompaniýasynyň başlygyny, baş ýerine ýetiriji direktoryny we ýokary derejeli ýene iki resmisini tussag etdi diýilýär.

Gürrüňi edilýän adamlar agzalýan kompaniýanyň Fethullah Güleniň ýolbaşçylygyndaky herekete maliýe goldawyny berenligi aýdylyp, soraga çekildi.

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň öňki ýarany Gülen 1999-njy ýyldan bäri Birleşen Ştatlarda ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG