Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: 23 ýaşyndaky ukrain oglany tussag edildi


Artur Samarin.

Artur Samarin.

Birleşen Ştatlarda 23 ýaşyndaky ukrainaly oglan özüni dört ýyllap ýokary synp mekdep okuwçysy ýaly bolup görkezeni üçin türme tussaglygyna höküm edildi.

Artur Samarin 2013-nji ýylda syýahatçylyk wizasy bilen Birleşen Ştatlaryna gitmezden ozal, Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde iki ýyllap okaýar.

Emma Pensilwaniýanyň Harrisburg sebitindäki amerikan är-aýal Samarine dogluş hakyndaky galp şahadatnamany alyp bermek arkaly, onuň Birleşen Ştatlarda galmagyna ýardam edýär.

Ondan soň ol Aşer Pots (Asher Potts) ady bilen Harrisburg orta mekdebine ýerleşýär. Häzirki wagtda Samarin ýetginjek ýaşyna ýetmedik gyz bilen jynsy gatnaşyga girendigini boýun alandan soň, jynsy zorlukda we şahsy maglumatlary ogurlamakda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG