Sepleriň elýeterliligi

Kiýew fransuz daşary işler ministriniň aýdanlaryny ret edýär


Orsýetiň, Ukrainanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri (çepden saga).

Orsýetiň, Ukrainanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri (çepden saga).

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Mark Aýro (Jean-Marc Ayrault) Ukrainanyň, Orsýetiň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri bilen gündogar Ukrainada saýlawlaryň şu ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli geçirilmelidigi barada ylalaşdyk diýdi.

Şol bir wagtda Ukrainanyň daşary işler ministri bolsa Aýronyň aýdanlaryna garşy çykyp, 3-nji martda Parižde dokuz sagat dowam eden gepleşikleriň dowamynda haýsydyr bir “öňe gidişligiň” bolmandygyny aýtdy.

Fransuz daşary işler ministri ýygnakda “2016-njy ýylyň birinji ýarymynyň ahyryna çenli ýerli saýlawlary geçirmek üçin saýlaw kanunyny kabul etmegiň möhümdigi maslahat edildi” diýdi.

Emma Klimkin Ukraina ýurduň gündogarynda saýlawlar geçirilmezden ozal, ok atyşygy bes etmek baradaky ähli borçnamalaryň ýerine ýetirilmelidigini we sebitden ýaraglaryň doly çykarylmalydygyny tekrarlaýar diýdi.

XS
SM
MD
LG