Sepleriň elýeterliligi

Türk premýer-ministri Tährana sapar edýär


Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu iki günlük resmi sapar bilen Tährana barýar. Dawutoglunyň 4-5-nji martda amala aşyrjak bu sapary barada onuň edarasy habar berýär.

Şu ýylyň başynda Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen, iki goňşy ýurduň liderleri söwda hyzmatdaşlygy barada maslahat etjege meňzeýär. Şeýle-de, olar Siriýadaky uruş dogrusynda özleriniň çürt kesik tapawutly garaýyşlary barada hem maslahat edip bilerler.

Eýran we Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýar. Şol bir wagtda Türkiýe muny aç-açan tankyt edýän ýurtlaryň başynda bolup, Ankara sünni oppozisionerleri goldaýar.

Şeýle-de, Türkiýe Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesen Saud Arabystany bilen hem ýakyn gatnaşykdadyr.

XS
SM
MD
LG