Sepleriň elýeterliligi

Kreml D.Koreýanyň duýduryşyna aladalanma bildirdi


Kreml Orsýet, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyny ulanmaga taýýardygy dogrusynda eden çykyşyna çynlakaý aladalanma bildirýar diýdi. 4-nji martda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un öz arimiýasyna ýadro raketalaryny islendik wagt uçurmaga taýýar görnüşe getirmegi tabşyrdy.

Kim Jong Unuň haýbaty, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýadro ýaraglaryny we uzak aralyga uçýan raketalary synagdan geçirýändigi üçin Demirgazyk Koreýa garşy ýakynda girizen sanksiýalaryna berlen ilkinji resmi jogap boldy.

Şeýle-de, Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro ýaraglaryň arsenalyny döretmegi dowam etdirjekdigini hem-de “güýçli we rehimsiz fiziki” çäreleri görjekdigini mälim etdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideriniň eden bu çykyşy, Birleşen Ştatlaryň we Günorta Koreýanyň resmileri Günorta Koreýada Birleşen Ştatlaryň raketa goranyş ulgamyny ýerleşdirmek barada resmi gepleşiklere başlan gününe gabat geldi.

XS
SM
MD
LG