Sepleriň elýeterliligi

Ýunker: Ukraina 20-25 ýyla çenli ÝB we NATO agza bolmaz


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klod Ýunker (Jean-Claude Juncker).

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klod Ýunker (Jean-Claude Juncker).

Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine we NATO agza bolmagy azyndan 20-25 ýyla çeker diýip, 3-nji martda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klod Ýunker (Jean-Claude Juncker) aýtdy.

“Ukraina öňümizdäki 20-25 ýylyň dowamynda ne Ýewropa Bileleşiginiň, ne-de NATO-nyň agzasy bolup biler” diýip, Ýunker Gaagada eden çykyşynda aýtdy. Şol bir wagtda ol Ukrainanyň näme sebäpden şeýle uzak wagt garaşmaly boljakdygy barada maglumat bermedi.

Ýunkeriň çaklamalaryna garamazdan, Ýewropa Bileleşigi ukrain raýatlaryna ýeňilleşdirilen wiza düzgüni esasynda syýahat etmäge ýol açýar.

XS
SM
MD
LG