Sepleriň elýeterliligi

“Bu sakgal näme?!”


"Adamyň sakgaly bilen näme işleri barka?!"

"Adamyň sakgaly bilen näme işleri barka?!"

“Türkmenistanda sakgal problemasy bar. Hatda käbir dindar ýaşlary komitet [MHM] äkidip, özi sakgalyny syryp goýberýär” diýip, “Muslim” lakamly okyjymyz “Türkmenistanda sakgal goýberip, kynçylyklara duş geldiňizmi?” diýen forumymyza ýazan teswirinde belleýär.

“Muslim” ýokarky beýan eden tendensiýasyny “samsyklyk” diýip atlandyryp: “Ata-baba sakgal goýberip gelýär. Dinimizde, dessurlarymyzda bolan zady beýtmek gaty ýalňyş... Onsoňam hökümetiň hiç kimiň şahsy geýnişine goşulmaga haky ýok. 21-nji asyrda ýaşaýarys.” diýip, öz tankydy pikirini jemleýär.

“Musulman” adyny alan beýleki okyjymyz hem sakgal goýberenleriň Türkmenistanda kynçylyga uçraýandygyny bildirip: Adamyň sakgaly bilen näme işleri barka?! Sakgal diňe garrylarda bolmaly diýen düşünjäni goýdular” diýip ýazýar.

Ol soňra ýaşlaryň sakgal goýbermegine garşy çäreleri geçirmek boýunça ýörite görkezmäniň berlendigini eşidendigini aýan edip, “oň ýaly bolsa, hemmämiz bir görnüşde saç deňledip gezeliň” diýen kinaýaly teklibi orta atýar.

Okyjylarymyzyň ýene bir bölegi sakgal meselesiniň Türkmenistanyň aeroprotunda registrasiýadan geçjek bolnanda has köp duş gelýändigini takyklaýar.

“Atsyz” lakamly okyjymyz: “Hawa. Aeroportda ofiserler dyzap barýar ‘bu sakgal näme?!’ diýip. Ýakynda türsügimiziň renkine-de serederler. Hemme adamlary birmeňzeş edip, Demirgazyk Koreýa ýaly boljak bolýarlar” diýip, öz ýaňsyly çaklamasyny aýan edýär.

Özüni “Abdul Wahhab” diýip atlandyran ýene bir okyjymyz sakgaly sebäpli ýurtdan daşary çykarylman yzyna gaýtarylandygyny gürrüň berýär: “Türkiýä gitjek bolup durkam Migrasiýa çykarmady. Ters-ters ýüzüme seredip ‘Arak içýäňmi? Namaz okaýaňmy?’ diýip soradylar. ‘Ýok, okamok’ diýsem-de, ikirjiňlenip, ‘bar ministrlige ýüz tut, çykyp bileňok’ diýdiler”.

“Haha” lakamly okyjymyz bolsa, türkmen häkimiýetleriniň sakgal meselesinde alyp barýandygy aýdylýan gadagançylyk syýasatyny goldaýandygyny ýazýar. Ol: “Aýdyp beriň bar tejribeleriňizi. Aslyna seretseň, dogram edýärler. Öz ugruna goýberseň, wahhabistleriň ýa-da şoňa meňzeş toparlaryň gepine gidip, özüni öldürjegem kändir. Şonuň üçin hökümet dogry edýär”.

“Haha” özüniň hökümetiň sakgal babatynda bar diýilýän gadagançylyk syýasatyny goldamagyny “Adamlar adamlardan ürkmän ýaşar ýaly, hemme kişiniň daş sypaty arassa we ynam döredýän görnüşde bolmaly” diýen delil bilen esaslandyrýar.

Ýeri gelende bellesek, türkmen resmilerinden sakgal goýberýän ýaş türkmenistanlylar babatynda nähilidir bir gadagançylygyň girizilendigini ýa girizilmändigini ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip boldy.

Sözümiziň ahyrynda ýokarky teswirleriň ählisiniň okyjylaryň öz şahsy pikir-garaýyşlarydygyny we olaryň Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýandygyny ýatladýarys.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG