Sepleriň elýeterliligi

Pariždäki gepleşiklerde gazanylan aýratyn üstünlik ýok


Parižde geçirilen gepleşikler.

Parižde geçirilen gepleşikler.

Ukrainada aslyýetinde gowşak parahatçylyk ylalaşygyny gaýtadan ýola goýmaga gönükdirilen gepleşiklerde birneme ilerleme bolan hem bolsa, gazanylan aýratyn uly bir üstünlik ýok. Muňa sebäp bolan Moskwa bilen Kiýewiň gündogar Ukrainada şu ýyl saýlaw geçirilmegi baradaky teklip boýunça özara ylalaşyp bilmändigi.

Orsýet 3-nji martda Parižde geçirilen köptaraply gepleşikleriň yzysüre Germaniýadyr Fransiýa tarapyndan edilen saýlaw baradaky teklibi özüniň goldamaga taýyndygyny aýtdy. Ýöne Ukrainanyň bu meselede: howpsuzlyk ornadylmasa, ses berişlik başa barmaz diýmegi dörän optimizmiň üstünden atanak çekdi.

Dört sagada çeken duşuşygy "ak ýürekli we gönümel" diýip häsiýetlendiren Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Mark Aýrault gepleşiklerde Ukrainanyň Donbas regionynda iýun aýynda ses berişlik geçirilmegi üçin saýlaw kanunynyň kabul edilmeginiň möhümdiginiň nygtalandygyny bildirdi.

“Duşmançylykly hereketler doly kesilmeli”

Ýöne žurnalistleriň ”gazanylan uly üstünlik boldumy?” diýen soragyna Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin: "Ýok, mende beýle bir täsir galanok" diýip jogap berdi.

Ol Ukrainanyň beýle saýlawlar geçirilmezinden öň atyşyklaryň bes edilmegi we ýaraglaryň yza çekilmegi barasyndaky talabynda üýtgän zat ýok diýdi.

"Biz bu saýlawlaryň howpsuzlykda gurnalmagyny üpjün edip bilmeli. Bize öz territoriýamyzyň howpsuz bolmagy gerek. Howpsuzlyk bolmasa, başga zada girişip bilmeris" diýip, Klimkin sözüniň üstüni ýetirdi.

Kiýew ýurduň gündogarynda saýlaw geçirilmegine hukuk bermek üçin gerekli kanun kabul edilmezinden öň duşmançylykly hereketler doly kesilmeli diýip, köp wagt bäri gaýtalap gelýär.

Zorlukly hereketler azalan hem bolsa, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy iki tarapda-da bu ylalaşygyň käýarym bozulýandygyny ýatladýar.

“Gaýtadan tutaşmagy mümkin”

Atyşyklary bes etmek baradaky ylalyşyga 2015-nji ýylyň fewralynda Minskde Ukraina, Orsýet, separatistler, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy gol çekdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşygy ýerine ýetirip, ses berişlige gatnaşmaklary üçin Moskwanyň separatistlere basyş etmäge taýyndygyny aýtdy. Ýöne onuň aýtmagyna görä, Ukrainanyň belli bir senäniň kesgitlenmegini ret etmegi bu ugurda gelinmeli geleşigiň üstüne atanak çekýär.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Pariž gepleşiginden soň Kiýew bilen Moskwanyň gepleşiklere çemeleşişine närazylyk bildirip: "Gynansak-da, gündogar Ukrainadaky ýagdaýa ýeterlik derejede çynlakaý garalanok. Onuň her bir salymda gaýtadan tutaşmagy mümkin" diýdi.

Günbatarly bir diplomatyň aýtmagyna görä, Fransiýa bilen Germaniýa, saýlaw kanuny kabul edilip, üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda ses berişligiň geçmegi üçin, Ukraina basyş etmegi dowam etdirerler.

Tussaglaryň çalşylmagy

"Saýlaw barada ylalaşyga gelinmänligi hiç hili ilerleme bolanok diýildigi däl" diýip, ady agzalmadyk diplomat aýtdy.

Aýrault bilen Steinmeier geçen aý Ukraina sapar edenlerinde, hökümeti gündogarda ýerli saýlawlar geçer ýaly, kanuny reformalary ýola goýmaga çagyrdylar. Ýöne Kiýewiň ünsüni özüne çeken syýasy krizis boldy.

Pariž gepleşiklerinden soň Fransiýanyň daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, ýokary derejeli dört diplomat "şu wagtdan başlap, 30-njy aprele çenli ähli tussaglaryň we bikanun saklanýan beýleki adamlaryň boşadylmagy we çalşylmagy" babatynda ylalaşyk gazanyldy.

Olar şeýle hem "atyşyklaryň bes edilmeginiň bozulmagy bilen baglylykda ýüze çykýan hadysalaryň öňüni almak, olary birýüzli etmek" boýunça 30-njy aprele çenli bir mehanizm döretmek hakda hem ylalaşdylar.

Pariždäki duşuşyk gündogar Ukrainada 9100-den agdyk adamynyň başyna ýeten konfliktiň soňuna çykmak üçin Minskde gelnen ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen geçirildi.

XS
SM
MD
LG