Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda nobatdaky kadr çalşygy geçirildi


 Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow

Türkmenistanda anna güni bolan hökümet maslahatynda nobatdaky kadr çalşygy geçirildi.

Geçirilen prokuror barlaglarynyň netijelerine görä, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy Abdyrahym Täçmämmedow «işde goýberen düýpli kemçilikleri» üçin diýlip işden boşadyldy.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow, berilýän howa maglumatlarynda nädogry çaklamalaryň köpelendigini aýdyp, döwlet gidrometreologiýa komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Bütindünýä metreologiýa guramasyndaky hemişelik wekili Batyr Hallyýewi, onuň orunbasary Myrat Orazmämmedowy «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýip, işden boşatdy.

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda statistika edaralarynda artdyryp ýazmalara ýol berlendigini, döwlet hasabatynda nädogry hasabatlaryň berilýändigini aýtdy.

Şu sebäpli ol Türkmenistanyň Döwlet statistikasy komitetiniň başlygy Akmyrat Mämmedowy «işde goýberen kemçilikleri üçin» diýip, işden boşatdy.

Hökümet maslahatynda oba milli maksatnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýaramaz ýerine ýetirilýändigi aýdylyp, welaýat häkiminiň gurluşyk işleri boýunça orunbasary B. Söýeşow hem eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG